TÜRKMENISTAN HABARLARY

Ýene bir äpet haly

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper haly kärhanasy baryp 1942-nji ýylda dokan «Türkmen kalby» atly ägirt halysy bilen Ýer ýüzünde meşhurlyk gazanypdy. Şol wagt 193 inedördül metr meýdany tutýan haly dünýäniň täsinligi hasap edilipdi.
Bu gün bu çeper haly kärhanasynyň ussatlary täsinlik yzyna täsinlik döredýärler. Olaryň ýakynda kesen äpet halysynyň ini 27 metr 60 santimetre, uzynlygy 80 metr 80 santimetre, umumy meýdany bolsa 243 inedördül metre ýetýär.
Täze halyny dokamaga 110 halyçy gatnaşdy. Olar çalşyklaýyn işläp, bu äpet halyny dört aýyň dowamynda dokadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply