SPORT WE SYÝAHATTÜRKMENISTAN HABARLARY

Sabina Agajanowa kümüş medala mynasyp boldy

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda ýene bir täsin netije alyndy. Zenanlaryň arasynda 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde dominikanly 39 ýaşly türgen Audreý Arelis Puello Perez dünýä çempiony boldy. Ol şu çempionatda altyn medala mynasyp bolan iň ýaşuly türgendir.

Puello Perez finalda türkmenistanly Sabina Agajanowany ýeňdi.

Bu tutluşykdan soň Türkmenistan Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatynda altynjy kümüş medalyny gazandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: