BILIMJEMGYÝET

Ýer titremesinde şehit bolanlar we Watan üçin janyny gurban edenler ýatlanyldy

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde hatyra güni bellenildi. Şu gün öten-geçenler ýatlanyldy, şehit bolanlaryň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy.
Şehit bolanlaryň Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary ýatlanyldy. Ýaşlara türkmen gerçekleriniň gahrymançylyklary, 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremesinden soň jebislikde çekilen zähmetiň, ähli ýerlerden gelen kömegiň netijesinde ýumrulan şäheriň galdyrylyşy, onuň bu gün tanalmaz ýaly derejede özgerendigi, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülendigi barada gürrüňler berildi.
Adamlar gonamçylyklara çykyp, bu dünýäden öten ýakynlarynyň mazarlaryna ter gül desselerini goýdular, aýat okadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply