TÜRKMENISTAN HABARLARY

BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy goldanyldy

2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işle ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji Sammitini geçiriler.

Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalary bilen, şol sanda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çägindäki sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary hem-de taslamalary öňe sürýär. Munuň özi bolsa uzak möhletli geljek üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: