Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görülýär
Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça Pudagara toparynyň täzelenen düzüminde mejlisi geçirildi. Turkmenportal habar berýär.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow cykyş edip , Türkmenistanyň Hazar meseleleriniň oýlanşykly çözgüdiniň işlenilip taýýarlanylmagynda işjeň orun eýeleýändigini nygtady. Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kemala gelmeginde Türkmenistanyň möhüm orun eýeländigi we halkara hukugynyň çäklerinde hazarýaka ýurtlaryň ählisi bilen ýakyn gatnaşyklar hem-de ekologiýa aýratynlyklary nazarda tutulyp, bu işiň dowam edilýändigi bellenildi.