MEDENIÝET

Ýazyjy-şahyrlar Türkmenabatda myhmançylykda boldular

Şu gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň we «Biznes-reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Lebap welaýatynyň etrap-şäherlerinden gelen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar hem-de Türkmenabatdaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Görnükli şahyrlar bu duşuşygy soňky birnäçe hepdäniň dowamynda eýýäm ýurdumyzyň dördünji welaýatynda geçirýärler. Mundan ozal olar Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem saparda bolup, döredijilige baş goşan ýaşlar bilen duşuşdylar.

Şu teklipden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi welaýatlarda halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda döredijilik duşuşyklaryny geçirmekligi ýola goýdy.

Duşuşykda myhmanlardan başga-da, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri hem-de ýaş döredijileriň käbiri çykyş etdiler. Ýaşlaryň özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sowal-jogap alyşmaklary duşuşygyň täsirini has-da artdyrdy. Magtymguly Pyragy, türkmen edebiýaty, şygryýet, ýaşlaryň döredijiligi baradaky söhbetler welaýatymyzyň görnükli aýdymçylarynyň we aýdym-saz toparlarynyň ýerine ýetiren sungat eserlerine hem utgaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: