«Belentde ýaňlansyn joşgunly owaz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen «Belentde ýaňlansyn joşgunly owaz» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bu sungat baýramçylygyna Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sungat mekdeplerinden 500-e golaý sazanda gatnaşdylar. Bäsleşige bagşyçylyk sungatynda, dutar, gyjak, plektrli dutar, kanun, baglama, gitara, akkordeon, fleýta, klarnet, truba, trombon, ksilofon, fortepiano, skripka, wiolonçel saz gurallarynda ýerine ýetiriji ýaş zehinler gatnaşdylar.

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, birinji orna çagalar sungat mekdeplerinden ýaş zehinleriň 23-si, ikinji orna 26-sy, üçünji orna hem 29 sanysy mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector