MEDENIÝET

Ertir Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň Aşgabatdaky gastroly başlanýar

Ertir Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň Aşgabatdaky gastroly başlanýar. Teatryň artistleri bir hepdäniň dowamynda paýtagtyň tomaşaçylarynyň we onuň myhmanlarynyň öňlerinde çykyş ederler.

Lebaply artistler ol ýere Döwran Agalyewiň «Watan jandan ileri» pýesasynyň esasynda režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran spektaklyny alyp barýarlar. Onda baş rollary Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa, artistler Batsere Röwşenowa, Gülälek Jumaýewa we Meňlitäç Döwletowa dagylar ýetirne ýetirýärler.

Teatryň artistleri paýtagtyň tomaşaçylary üçin gülki agşamyny hem taýýarladylar.

Gastrol 18-nji marta çenli dowam eder.                     

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: