MEDENIÝET

Dostlukda ýazyjy Hajy Ysmaýylow ýatlanyldy

Köýtendag etrabyndaky 40-njy orta mekdepde Dostluk şäher kitaphanasynyň guramagy bilen türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran ýazyjy Hajy  Ysmaýylowyň 110 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Oňa mekdep mugallymlarydyr okuwçylar hem-de etrabyň ýaş şahyrlary gatnaşdylar.

Mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy Gülüstan Jumaýewa bilen Dostluk şäher kitaphanasynyň müdiri Gülşirin Muhammedowa dagynyň Hajy Ysmaýylowyň ömri we döredijiligi barada eden çykyşlary has-da täsirli boldy. Olaryň çykyşlary ýaş nesliň ýazyjynyň döreden eserlerine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.

Şeýle-de bu ýerde ýazyjynyň döredijiligine bagyşlanan kitap sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýazyjynyň «Iki atanyň bir ogly», «Gopuzlyja gyz» atly kitaplary hem-de gazet-žurnallarda çap edilen makalalary ýerleşdirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: