JEMGYÝET

Farapda şypahana işgärleri bilen maslahat geçirildi

«Farap» şypahanasynda şanly ýylyň şygaryna bagyşlanylyp dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda dana şahyrymyzyň şygyrlarynda öňe sürülýän sagdynlyk, arassa ahlaklylyk, dostluk dogrusyndaky pikirlere aýratyn ýüzlenildi. Türkmen edebiýaty, ruhy gymmatlyklarymyz, milliligimiziň dowam etdirilişi dogrusynda edilen täsirli söhbetler etrabymyzyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar şypahananyň lukmanlarynyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri boýunça taýýarlan sergisini synladylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: