BILIM

Ýaş mugallymlaryň 523-si işe başlar

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralaryna ýaş hünärmenleriň 523-si işe ugradyldy.

Şu günler welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda olar bilen okuwlar guralýar.

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde mugallymçylyk ugurly bilimiň berilýändigini ýatladýarys. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hereket edýär. Diňe şu ýokary okuw mekdebiniň bir özünde her ýylda ýüzlerçe ýaş hünärmen zähmet ýoluna ugradylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: