BILIM

Türkmenabat gurluşyk hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Türkmenabat gurluşyk hünär-tehniki okuw mekdebi gurluşyk we tehniki ugurlardan bilim almak isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady.

Resminamalar 25-nji awgusta çenli kabul edilýär. Okuw mekdebine umumy orta bilimli raýatlar matematika, himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy, häzirkizaman türkmen jemgyýeti derslerinden synaglary tabşyrmaly bolarlar. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2022-nji ýylyň 27-28-nji awgustda geçirilýär.

Bu okuw mekdebinde 28 ugur boýunça hünär öwredilýär. Okuwyň möhleti bir ýyldan bir ýarym ýyla çenlidir. Okuwlar tölegli.

Bu okuw mekdebinde işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça ähli gurluşyk hünärleri boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: