BILIM

Ylymy-amaly maslahat geçirildi

Milli bahar baýramy mynasybetli Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Halkara Nowruz baýramy ― parahatçylygyň, täzelenişiň we ruhubelentligiň baýramy» diýen at bilen geçirilen bu maslahata Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahat ilki bilen umumy mejlisinde, soňra 3 ugur boýunça bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary diňlenildi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar mekdebiň talyplarynyň taýýarlan aýdym-sazlaryna, edebi-sazly kompozisiýalaryna tomaşa etdiler. Ýerine ýetirilen baýramçylyk çykyşlarynda Nowruzyň waspy ýetirildi. Şeýle-de bu dabaranyň dowamynda milli tagamlardan taýýarlap, baýramçylyk saçagyny bezemek boýunça Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň toparlarynyň arasynda yglan edilen «Bereketli desterhan» bäsleşiginiň jemi jemlenildi we mekdebiň «Buhgalter we hasaba alnyş» hünäriniň talyplary bu bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler.  

Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleriniň guran sergisine hem tomaşa etdiler.