Türkmenabadyň köçelerinde yşyklar täzelenýär
Türkmenabadyň köçeleriniň ýol yşyklary täzelenilýär. Şu günlerde welaýat merkeziniň köçelerinde yşyklandyryşyň täze innowasion görnüşleri gurnalýar.
Eýýäm Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan, S.A. Nyýazow şaýollarynyň, Altyn asyr, Görogly beg, Garaşsyz Diýar, Alty Garlyýew köçeleriniň we Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugurlarynda, Zerger şäherçesinde diodly yşyklandyryjylar ýagty saçýar.
Welaýat neşiriniň ýazmagyna görä, şäherde häzirki wagtda dürli kuwwatlylykdaky şeýle häzirkizaman çyralarynyň 2000-den gowragy ilki bilen esasy köçeleriň ugrunda gurnaldy. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler.