BILIM

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini 20-ä golaý magistrant tamamlady  

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde magistranlaryň, şeýle-de uçurymlaryň tamamlamagy mynasybetli dabara guraldy. Oňa ýokary hünär bilimini alan ýaşlar, olara bilim beren professor-mugallymlar bilen birlikde dabara çagyrylan hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Şu ýyl bu baýry bilim ojagyny 1109 talyp tamamlap, ýokary bilim hakyndaky resminamalaryny hem-de işe ýollaýyş hatlaryny ellerine aldylar. Jemi 28 hünär boýunça okan ýaşlaryň 70-e golaýy tapawutlanan diplom bilen okuwlaryny jemledi. Bu gezekki dabaranyň ýene bir aýratynlygy, şu ýyl ilkinji gezek Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini 20-ä golaý magistrantyň tamamlandygydyr.

Şu günler Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde uçurym talyplardyr magistrantlaryň okuwlaryny gutardyş dabaralary geçirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: