DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýada arheologlar imperatoryň maşgalasynyň gadymy köşgüni tapdylar

Ýaponiýada arheologlar Kioto şäheriniň Kamige etrabynda barlag iş;erini geçirenlerinde, monumental toplumyň galyndylaryny tapdylar. Ekspertler bu ýerde imperatoryň maşgalasynyň köşgi ýerleşipdir diýip hasap edýärler.

Açyş ýerli häkimiýet tarapyndan täze ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bölünip berlen çäkden tapyldy. Gazyp agtaryş işleri gadymy döwürde bu ýerde imperatoryň maşgalasynyň resmi rezidensiýasynyň ýerleşendigini görkezdi.

Ekspertler bu Tokaden diýlip atlandyrylan pawilýony — imperatrisanyň öz gyrnaklary bilen ýaşan bölegi bolandyr diýip hasaplaýarlar. Ýüze çykarylan çukurlary we sütünleri seljerenlerinde soň köşgüň takmynan biziň eramyzyň VIII asyrynda gurlandygyny görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: