YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda maldarçylyk önümleriniň öndürilişi artýar

Lebap welaýatynyň hojalyklarynda ýylyň başyndan bäri diri agramda 118,6 tonna et öndürildi we söwda nokatlaryna ugradyldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 100,6 göterime deň boldy.

Şonuň ýaly-da, 522,8 müň tonna süýt, 199 million sany ýumurtga, 268,7 tonna bal öndürildi. Sanlar ähli görkezijiler boýunça ösüş gazanylandygyna şaýat edýärler.

Maglumatlar soňky ýyllarda döwlete degişli däl bölegiň ykdysadyýetde möhüm orunlary eýeländiginden habar berýär. Geçen on aýda öndürilen mal etiniň 117 müň tonnasy, süýdüň 521 müň tonnasy, ýumurtganyň 194,3 milliony, balyň 268,1 tonnasy olaryň paýyna düşýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: