DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Älemde çeper film surata düşüriler

Režissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild 10 günüň dowamynda Halkara älem stansiýasynda film surata düşürerler. Bu barada «ТАСС»-da «Roskosmos» döwlet korporasiýasy, Birinji kanal we kosmonawtlary taýýarlaýan Merkez bilen bilelikde onlaýn görnüşde geçirilen metbugat maslahatynda kosmonawt Anton Şkaplerow habar berdi.

Işçi ady «Çagyrma» bilen surata düşüriljek älem dramasy «Roskomosyň», Birinji kanalyň we «Yellow, Black and White» studiýasynyň bilelikdäki taslamasydyr. Ilkinji çeper film kosmonawty halas etmek üçin Halkara älem stansiýasyna uçmaly aýal lukman barada gürrüň berer.

2020-nji ýylyň noýabrynda «Roskosmosyň» baştutany Dmitriý Rogozin älemde birinji çeper filmi surata düşürmegiň 2021-nji ýylyň oktýabryna meýilleşdirilendigi baradaky habary «Twitter»-de goýupdy.

«Союз МС-19» korably uçurmak 5-nji oktýabra meýilleşdirilen. Esasy ekipažyň düzümine kosmonawt Anton Şkaplerow. Aktrisa Ýuliýa Peresild we režissýor Klim Şipenko girýärler. Dublýorlar — komonawt Oleg Artýomýew, Aktrisa Alýona Mordowina we operator Alekseý Dudin.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: