Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Muhammetsähet Saryýew — Moskwanyň iň gowy onkolog lukmany

Nov 12, 2021

Moskwada «Ak halatly gahrymanlar» atly Lukmanlar barada — 2021 Bütinrussiýa baýragynyň jemi jemlenildi. Şu ýylyň dowamynda portalda pasiýentlerden iň köp seslenme alan lukmanlar we klinikalar baýragyň eýeleri boldular, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

Moskwanyň A.S.Loginow adyndaky kliniki ylmy merkeziniň çanaklyk organlarynyň onkologiýa hirurgiýasy bölüminiň hünärmeni Muhammetsähet Saryýewiň «Moskwada iň gowy onkolog lukman» diýen ugurda birinji orny eýeländigi barada MKYM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Onkolog lukman Muhammetsähet Saryýew 8 ýyldan gowrak wagtdan bäri kiçi çanaklygyň, garyn boşlugynyň we garyn boşlugynyň aňyrsyndaky giňişlikde dürli ginekologiki we abdominal patologiýalaryň giň spektrine açyk we miniinwaziw usul bilen hirurgiki gatyşmalary edip gelýär.

Muhammetsähet Saryýew 2013-nji ýylda Aşgabatda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlady. 2013 — 2015-nji ýyllarda ordinaturada okady. 2018-nji ýylda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.N.Blohin adyndaky Milli lukmançylyk onkologiýa barlag merkeziniň Federal döwlet býujet edarasynyň aspiranturasyna girdi.

2015 — 2017-nji ýyllarda Saryýew Marynyň harby gospitalynyň «Ýörite hirurgiýa» bölüminiň müdiri, 2017 — 2018-nji ýyllarda Aşgabatda Enäniň we çaganyň ylmy barlag merkezinde ginekolog bolup işledi. Şu güne çenli Moskwanyň A.S.Loginow adyndaky kliniki ylmy merkeziniň çanaklygyň düýbüniň onkohirurgiýa bölüminde onkolog lukman bolup işleýär.

Adblock
detector