DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýedi aýda 44 kilogram arryklady

Angliýanyň Derbişir graflygynda ýaşaýan 32 ýaşly Skarlett Stiwens (Scarlett Stevens) maşgala bolup düşen suratda özüni göreninden soň 44 kilogram arryklady.

«Lenta.ru»-nyň ýazmagyna görä, Stiwens garyndaşlary bilen Roždestwo belläp otran eken. Maşgalanyň ähli agzalary pižama geýmegi gepleşipdirler. Şonda Skarlett özünde eşigiň iň uly ölçegdäkidine düşünipdir. Bilelikde düşülen suratda hem ol iň irisi eken. Şonda Stiwens durmuş ýörelgesini üýtgetmegiň kararyna gelipdir.

Skarlett gije çenli işländigini we giç nahar edinendigini gürrüň berdi. «Köp iýmekden başga-da, köke maňa uly meseläni döredýärdi. Her gün ertir dört ýa-da bäş sanysyny, gündiziň dowamynda hem çaý bilen ýene şonçasyny iýýärdim» diýip, Stiwens gürrüň berdi. Ol özüniň hiç wagt hem syratly bolmandygy, ýöne wagtyň geçmegi bilen barha semräp başlandygyny hem belledi. Onuň aňryçäk agramy 122,5 kilograma çenli ýetipdir.

Şondan soň Stiwens yzyider naharlanyp başlapdyr, ertirligini hem sypdyrmandyr. Ol taýýar naharlardan we polufabrikatlardan boýun gaçyrypdyr. Häzir özi nahar taýýarlaýr, ertirligine ýogurt we miwe, günortanlygyna işdäaçar ýa-da bütin däneden bişirilen çörek bilen sendwiç iýýär. Agşamlygyna gowrulan zatlar ýa-da rizotto taýýarlaýar.

Ejesi bilen bilelikde sport we pyýada ýöremek bilen meşgullanýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: