Moskwanyň metrosynda täjik we özbek dillerinde ýazgy peýda boldy
Moskwanyň metropoliteninde synagyň çäginde özbek we täjik dillerinde ýazgy peýda boldy, diýip «Секрет фирмы» saýty habar berýär.
Bu täzeligi paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary diňe Günorta Çertanowo raýonynyň «Lesoparkowaýa» stansiýasynda gördüler. Ýerasty ýoluň beýleki stansiýalarynda görkezijileriň teksti «kallasiki» görnüşde — rus we iňlis dillerinde ýazylan.
Moskwanyň ulag departamenti «Lesoparkowaýa» stansiýasyndaky görkezijileri çalşyp başlady, indi gapylarda we tablisalarda ýazgylar täjik (kirillisada) we özbek (latinisada) dillerinde hem görkezilýär. Bu paýtagtda ýakyndaky daşary ýurtlardan rus dilini onçakly gowy bilmeýän ýüzlerçe müň zähmet migrantlarynyň ýaşaýandyklary we işleýändikleri bilen düşündirilýär.
Ozal Moskwanyň meriniň ykdysady syýasat we emläk-ýer meseleleri boýunça orunbasary Moskwa ýene-de 200 000 müň zähmet migrantlarynyň gerekdigi barada aýdypdy.