DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Xiaomi» awtoulag öndürer

Smartfonlardyr beýleki «akylly» gurluşlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan «Xiaomi» kompaniýasy ýakyn ýyllarda awtoulag önümçiligine hem girişmegi meýilleşdirýär.
Hytaý metbugatynyň ýazyşy ýaly, häzir kompaniýanyň ýolbaşçylary awtoulag bazaryna girmegiň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Edil häzir kompaniýanyň awtoulaglaryň haýsy görnüşini öndürjekdigi doly belli däl. Ýöne kompaniýa iň ýakyn geljekde bu barada hem takyk maglumatlary bermegi meýilleşdirýär. Bu pikir gönüden-göni kompaniýany esaslandyryjy Leý Junuň özüne degişlidir.
Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň täze önümçilige dessine girişmek barada pikiri ýok. Çünki «Xiaomi»-niň häzirki esasy maksady smartfon bazaryndaky ýerini has-da giňeltmek. Kompaniýanyň ilkinji awtoulaglaryny, belki, 2025-nji ýylda görüp bileris.
Ýeri gelende aýtsak, «Xiaomi» awtoulag önümçiligine gyzyklanma bildirýän telefon öndüriji kompaniýalaryň ilkinjisi däl. 2020-nji ýylyň ahyrlarynda «Apple» kompaniýasynyň hem şeýle etsem-goýsamlarynyň bardygy barada habarlar çykypdy. «Apple» bu işde «Hyundai» we «Nissan» bilen hyzmatdaşlygy meýilleşdirýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply