DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Erkekler howa aýallara garanda kän zyýan ýetirýärler

«Ecoloop» şwed kompaniýasynyň hünärmenleri zenanlaryň we erkekleriň howanyň global ýylamagyna nähili täsir edýändigini öwrenmegi meýilleşdiripdirler. Munuň üçin olar ýeke ýaşaýan erkekleriň we aýallaryň puly nämä harç edýändigini öwrenipdirler. Şonda alymlar iýmite, dynç almaga, durmuşy maksatlara we beýlekilere näçe pul harç edýändigini hasaba alypdyrlar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Barlaglaryň netijesinde erkekleriň aýallara garanda daşky gurşawa 16% köp zyýan ýetirýändiklerini anyklapdyrlar. Bu şwed erkekleriniň awtomobiliň ýangyjy, alkogol, çilim we et üçin köp pul harç edýändigi bilen baglanyşykly. Olar peýdaly iýmiti az iýýärler, ekologiki gaby az alýarlar we galyndylary az görnüşi boýunça ýygnamaýarlar.

Şonuň ýaly-da, alymlar restoranlarda naharlanmak we dynç almak bilen erkekleriňem, zenanlaryňam daşky gurşawa ýetirýän zyýanynyň ýaryny tutýandygyny anyklapdyrlar, diýip «The Guardian» ýazýar.