Türkmenistanda «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny dörediler

Feb 28, 2021

Türkmenistanda «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde aýdyldy. Ol özüne 7 — 14 ýaşly mekdep okuwçylaryny özünde birleşdirer.
Bu gurama ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zehinlerini açyp görkezmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek hem-de höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynyň esasynda döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan şahadatnamanyň şekil taslamasyny makullady.
Häzir ýurtda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär we özüne 14 ýaşdan 37 ýaşa çenli raýatlary birleşdirýär. Ol 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilipdi. Çagalar guramasynyň döredilmegi bilen 7 ýaşdan 14 ýaşa çenli mekdep okuwçylaryň özleriniň guramasy bolar.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: