Dünýädäki iň uly uçar asmana galdy
Arap we pars ertekilerindäki ullakan guşuň hormatyna «Roc» («Ruh») diýlip atlandyrylan äpet uçaryň agramy 226 tonna, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 117 metre ýetýär. Ol birinji gezek 2019-njy ýylyň aprelinde asmana galypdy. Ondan soň bolsa ol bir gezegem uçmady. Sebäbi esaslandyryjysynyň aradan çykanlygy zerarly kompaniýa kyn güne düşdi we taslamany togtatdy.
Awiasiýanyň äpetiniň ykbaly şu wagta çenli näbelli bolup galypdy. Ýakynda «Stratolaunch» kompaniýasynyň bu uçary Mohawe (Kaliforniýa ştaty) çölünden ikinji gezek uçdy. Ol üstünlikli asmana galdy we düşdi.
«Roc» 10 kilometr belentlikde uçmaga niýetlenen. Ol kosmiki apparatlary howadan orbita uçurmak üçin peýdalanylar diýlip garaşylýar. Uçar «Virgin Orbit» amerikan kompaniýasynyň taýýarlaýan uçaryna meňzeýär. Ol hem howadan uçurmagy synagdan geçirýär.