SYÝASAT

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy sapar bilen çagyrdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti metbugat gullugy habar berýär, diýip, «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin birek-biregi  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutladylar.

Şeýle hem iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleler we sebit görnüşlerinde, şol sanda Hazar bäşliginiň çäginde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşdylar. Russiýa—Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de has-da pugtalandyrmak babatdaky ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Russiýa sapar bilen çagyrdy. Çakylyk uly kanagatlanma bilen kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, 8-nji aprelde  Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli iki ýurduň döwlet Baştutanlary birek-birege gutlag hatlaryny iberdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: