SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti halkara standartlara laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň sanyny köpeltmäge gönükdirilen Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özüniň Karary bilen «Milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakyndaky Düzgünnamany» we «Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakyndaky Düzgünnamamy» tassyklady.

Resminama Türkmenistanda döwrebap, halkara standartlara laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň mundan beýläk-de sanyny köpeltmek, ulanylyşyny giňeltmek we Türkmenistanda işlenip taýýarlanandygyny tassyklamaga gönükdirilern. Şeýle hem milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň, olary işläp taýýarlaýjylaryň we olara eýelik etmek hukugy bolanlaryň Döwlet sanawlaryny ýöretmek maksady göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: