SYÝASAT

Türkmenistan we Russiýa gündogar ugry boýunça ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmakçy  

 Türkmenistan we Russiýa awtoulaglarda halkara ýük daşalyşyny bilelikde ösdürmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdi. Gol çekilen memorandum gündogar ugry boýunça ýük daşalyşyny ösdürmäge gönükdirilendir. Ol «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň geçirijilik mümkinçiligini amala aşyrmaga ýardam eder. Bu barada «CentralAsia.news» ýazýar.

Memorandum-ylalaşyk iki ýurduň awtoulag kärhanalaryna gyssagly meseleleri çözmek üçin goşmaça instrumentleri işläp taýýarlamaga we almaga mümkinçilik berer. Ulag edaralary bolsa awtoulaglarda ýük daşamak üçin oňaýly şertleri döretmek üçin özara gatnaşyklaryny berkidip bilerler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: