JEMGYÝET

Türkmenistanyň paýtagtynda TSTB-niň döredileniniň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi guralar  

12-nji we 13-nji aprelde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredileniniň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi guralar. Däp bolşy ýaly şanly senä bagyşlanan çäreler Söwda senagat palatasynyň ekspo-merkezinde geçiriler. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Işewürlik meýdançasynda ýurdumyzyň telekeçileri we senagat pudagynyň wekilleri ýygnanarlar. Ekspo-mekreziň zallarynda azyk, himiki, tekstil önümlerine ýöriteleşdirilen hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň önümleri, şonuň ýaly-da elektron önümler görkeziler.

Öňde duran serginiň esasy maksady Türkmenistanyň önümçilikde we importyň ornuny tutýan harytlaryny öndürmekde ýeten sepgitlerini, şonuň bilen birlikde bolsa şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem içine almak bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: