YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýyl 69 müň 210-dan geçirip owlak-guzy aldylar

2022-nji ýylda Lebap welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynda göz öňünde tutulan 69 müň 83-e derek  69 müň 211 sany owlak-guzy aldylar. Netijede ösüş depgini 100,2 % göterime deň boldy.

Alynan owlak-guzylar ösdürmek goýberildi. Häzirki wagtda Lebap welaýatynda 5 sany maldarçylyk hojalygy bolup, dowarlaryň baş sany 210 müň 744-e ýetirildi. Şonuň 89 müň 43-si ene dowarlardyr.

Lebap welaýatynyň sarwanlary hem şu ýyl ene düýeleriň 952-sinden 450 köşek almagy başardylar. Bu işlerde Çärjew etrabynyň «Serdar» maldarçylyk hojalygynyň düýedarlary aýratyn tapawutlanýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: