Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gök-bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň ekin meýdanynda boldy.
Milletiň Lideri daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy.
Telekeçi döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi.
R.Bäşimowyň döwletimiziň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda uly goldaw berýändiginiň netijesinde, oba hojalyk önümçiliginde netijeli zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini belledi. Bu bolsa önüm bolçulygynyň, täze iş orunlarynyň döremegine giň ýol açýar. Häzirki döwürde daýhan hojalygynda 200-den gowrak adam zähmet çekýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda telekeçileriň oba hojalyk pudagynda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi ýurdumyzda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda aýratyn möhümdir.