MEDENIÝET

Welaýat teatrynda dabaraly çäre geçirildi

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemine bagyşlanan aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. 

Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen dabara welaýat Halk maslahatynyň azalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary we göreldeli mekdep okuwçylary gatnaşdylar. 

Bu ýerde çykyş edenler 2023-nji ýylda ýurtda amala aşyrylýan beýik işler, gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada buýsançly gürrüň etdiler.

Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: