MEDENIÝET

Hojambazda Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hojambaz etrap birleşmesinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Adyň ýüreklerde aýdym, Pyragy!» atly edebiýat agşamy geçirildi.

Bu agşama etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Edebiýat agşamynda şygyr ýazmak bilen meşgullanýan ýaşlara halypa şahyrlar degerli maslahatlaryny berdiler. Şeýle hem dabaranyň çäginde akyldar şahyryň döredijiliginden şygyrlar okaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: