Ýakynda Türkmenabat şäherinde lagym sorujy beket açylyp, ulanmaga berildi. Bu barada welaýat neşiri habar berýär.
Lagym suwlaryny bir ýere jemleýän beket Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Ony welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasynyň buýurmasy bilen «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular. Täze beket bir gije-gündiziň dowamynda 7,2 müň kub metr mukdardaky lagymy kowmaga ukyplydyr.
Täze desga Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we Azatlyk şäherçesinde täze dörän ýaşaýyş toplumlarynyň ilatyna hyzmat eder.
Ýeri gelende aýtsak, welaýat merkezinde 2018-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen halkara howa menziliniň ugrunda şol ýylyň özünde 22 sany (ýakynda bu topluma ýene 2 jaý goşuldy), soňky ýyllarda bolsa 17 we 40 sany köp gatly jaýdan ybarat ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Bu ýerdäki jaýlaryň ählisi dört gatly bolup, olaryň 59-sy 32, 22-si bolsa 40 öýlüdir. Şeýle hem şäheriň bu künjeginde soňky alty ýylyň dowamynda kottej görnüşli iki gatly, bäş otagly jaýlaryň 170-si peýda boldy. Azatlyk şäherçesinde täze döredilen mellek ýer gaznalaryndaky hojalyklaryň sany 21 müň 508-e ýetdi. Bu bolsa lagym sorujy bekediň şäheriň umumy ilatynyň 24 müň 446 hojalygyna hyzmat etjekdigini görkezýär.

