Çärjew etrabynda suw arassalaýjy desga açylyp, ulanylmaga berildi
Ýakynda Çärjew etrabynda suwa arassalaýjy desga açylyp, ulanylmaga berildi. Onuň gurluşygyny hem welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyrmasynyň buýurmasy bilen «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardy.
Bir ýylyň dowamynda gurlan desganyň kömegi bilen jemi 81 kilometr giňişlige ýaýran ilata agyz suwuny ýetirmäge mümkinçilik bar.
Etrabyň Bitik geňeşliginiň çäginde gurlan desga bir şäheri, bir şäherçäni, 7 sany geňeşligi, şol sanda 32 sany obany arassa agyz suwy bilen üpjün eder. Bu bolsa suwuň 14 müň 861 hojalyga ýa-da 77 müň 863 adama ýetiriljekligidir.