MEDENIÝET

Surat bäsleşigi geçirildi

Lebap welaýatynyň 5-nji ker, çala eşidýän we soň ker bolan çagalar üçin ýörite umumy bilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. «Men Watanyma buýsanýaryn» ady bilen geçirilen bu bäsleşigi mekdebiň müdiriýeti we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilelikde guradylar. Bäsleşige gatnaşdyrylan suratlar biri-birinde tematiki aýratynlyklary boýunça tapawutlanyp, mekdebiň döredijilik burçunda gurnalan sergide görkezildi.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary tarapyndan suratlar gözden geçirilip, ýeňijiler kesgitlenildi. Baýrakly orunlary eýelän we bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň ählisine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Mekdepde şeýle täsirli we gyzykly çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilip durulmagy çagalaryň döredijilik başarnyklaryny açmaga we ösdürmäge ýardam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: