Romans owazlananda…

  Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde jogapkärçilikli wagt geldi. Gyşky hasap-synagyndan öň mugallymlar tarapyndan akademiki konsertler, konferensiýalar, seminarlar, açyk sapaklar geçirilýär. “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň tejribeli mugallymy, sazşynas Ýuliýa Jumaýewa ýolbaşçylygynda adaty däl açyk sapak geçirildi. Biziň söhbetdeşligimizde ol: “Solfejio dersi – bu saz nazaryýeti bölüminiň hünär taýdan iň kyn dersleriň biridir. Eýýäm irki döwürlerde solfejirlemegiň her dürli ulgamlary bolupdyr: italýan alymy we sazandasy Gwido d’ Aresso tarapyndan hytaý bäşbasgançakly, hindi ýedibasgançakly, grek dörtbasgançakly, orta asyrlarda günbatar – ýewropa girizilendir. Solfejio – italýan dilinden “solfeggio” diýmegi aňladyp, saz eşidişini, saz ýatkeşligini, arassa solfejirlemegi we metroritm duýujylygyny şol ugurda  okaýanlardan talap edýär”.

     “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I,III,IV ýyl talyplary öz döreden eserlerini bölümiň mugallymlary: D.Halbaýew, Ş.Jorakulyýew, M.Çaryýewa we beýleki bölümiň talyplary diňlediler. Solfejio sapagynda saz döretmek usuly az peýdalanylýar. Emma muňa garamazdan mugallym Ýuliýa Jumaýewa saz eserlerini döretmek döredijiligine uly üns berýär. Eseri döretmeklik döredijilik başarnyklaryny artdyrýar, estetiki taýdan ösdürýär. Açyk sapaga gatnaşýan talyplar türkmen we ýewropa şahyrlarynyň goşgularyna bagyşlap romanslary we aýdymlary döredipdirler. Olar dürli žanrda we dürli formada: wals, elegiýa, iki bölümli, üç bölümli formada eserleri döredipdirler.

      Ilkinji bolup bölümiň 3-nj ýyl talyby Gözel Nurmamedowa Anna Ahmatowanyň sözlerine döreden “Эхо жизни” romansy bilen çykyş etdi. Aýal şahyryň goşgusy durmuş, ýaşaýyş  we ölüm barada döreden eserinde (sazynda) liriki-psihologiki häsiýeti görkezýär. “Saz mugallymçylygy” bölüminiň 4-nji ýyl talyby Medine Jomartowa tolgundyryjy ýerine ýetirdi. Bölümiň 3-nji ýyl talyby Dursun Reýimowa Mähri Alymowanyň (S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby) sözlerine “Galaýyn men” romansyny ýazypdyr. Melanholiki elegiýa 1-nji ýyl talyby Soltan Alymowyň ýerine ýetirmeginde şeýle bir owadan, ajaýyp ýaňlandy. Olaryň içgiň professional ansambl ýerine ýetirijiligi diňleýjileri duýgulandyrdy.

     3-nji ýyl talyby Mähri Awazowa rus klassiki şahyry A.Puşkinyň sözlerine “Добрый совет“ liriki-filosofiki romans döretdi (“Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Güljemal Durdymyradowa ýerine ýetirdi). Beýik şahyryň goşgysy ýeňil, şatlykly, sazda bolsa ýaşlyk, asuda, täsin ýatlama pursatlaryny janlandyrdy. Soňra bölümiň 4-nji ýyl talyby Gözel Jumaniýazowa Türkmenistanyň halk ýazyjysy  Ata Atajanowyň sözlerine döreden “Gözel gülende”  romansyny özi ýerine ýetirdi.  Ýagty, mylaýym, wals ritminde  ýaňlanan aýdym-ene baradaky liriki ýatlama.    

 

  

  Watany wasp edelip döredilen “Türkmenistan” aýdymynyň sözlerini Mähri Alymowa ýazypdyr. Döreden goşgusyna bölümiň 1-nji ýyl talyby Soltan Alymow saz döredip, ony özi üstünlikli ýerine ýetirdi.  Ata Watanymyzy, biziň özboluşly baý tebigatymyzy, durmuş we türkmen milli däp-dessurlaryny dabaraly sazda açyk suratlandyrypdyr.

     Açyk sapagyň soňunda bölümiň 3-nji ýyl talyplary: Ogülbek Ýegenowa, Mähri Awazowa, Gözel Nurmamedowa, Dursun Reýimowa Iogan Sebastýan Bahyň “Inwensiýa” № 4 (d-moll) çylşyrymly polifoniki eserini ýerine ýetirdiler. Melodiki aýratynlyklary, dinamiki öwüşginliligi,  ansaml sazlaşygy taýdan tapawutlandy. Bir söz bilen aýdanymyzda ýörite sungat mekdebiň talyplarynyň özboluşly döredijilik başarnyklary açyk sapaga gatnaşýan diňleýjileri we mugallymlary diýseň begendirdi.

  Gözel Nurmamedowa,

Lebap welaýat ýörite

sungat mekdebiniň III-nji ýyl talyby

Adblock
detector