JEMGYÝET

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şanyna Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. Ony Ahal welaýat häkimligi hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi bilelikde guradylar.

Belent ruha beslenen joşgunly çykyşlaryň astynda atly ýöriş bäsleşigi badalga aldy. Oňa ulyýaşar saýlama bedewleriň 20-si goşulyp, iki tapgyrda özara güýç synanyşdylar. Her tapgyr 30 kilometrden ybarat boldy. Uzak aralyga geçmek boýunça geçen nobatdaky atly ýöriş bäsleşigi ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, ýyndamlygyny kesgitlemekde örän ähmiýetli boldy. Şeýle hem bu ýerde gymmatlyklarynyň, bedew şaý-sepleridir esbaplarynyň sergisi hem guraldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: