JEMGYÝET

Türkmenistanda mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň bir toparynyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Resminamada beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle karara gelinendigi bellenilýär.

Bu ýyl Gadyr gijesi apreliň 27-sinde 28-ine geçilýän gije bellenilýär. Şol gijäni musulman dinine uýýanlar saçagyň başynda söhbetdeşlikde geçirýärler we biri birine dürli tagamlary hödür edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: