JEMGYÝET

«Halk market» arzanlaşyk yglan etdi

Türkmenistandaky iň iri söwda zynjyrlarynyň biri bolan «Halk marketiň» Türkmenabat şäherindäki söwda merkezlerinde her gün gök-bakja we miwe önümleriniň ähli görnüşlerinde 15 göterimlik arzanlaşyk yglan edýändigi barada «Türkmen gündogary» gazet habar berýär.

Bu arzanlaşyk söwda zynjyrynyň Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda-dynç alyş merkezindäki bölümine has köp müşderiniň barmagyny we ildeşlerimiziň gyşyň ortaky aýynda elýeter bahalardan gök önümleri we miweleri almaklaryna şert döredýär.

Şeýle arzanlaşyklaryň şäheriň beýleki iri söwda merkezlerinde işleýän söwda zynjyrlary tarapyndan hem yglan edilýändigi barada gazet habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: