JEMGYÝET

Aşgabatda Türkiýäniň «Anadolu» habarlar agentliginiň wekilhanasy işläp başlady

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkiýäniň «Anadolu» agentliginiň Aşgabatda resmi wekilhanasyny açandygyny habar berdi, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» ýazýar.

Ol Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda ýerli metbugatyň wekilleri we daşary ýurt metbugatynyň ynanç bildirilen habarçylary üçin geçiren metbugat duşuşygynda eden çykyşynda «Anadolu» agentliginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkiýe Prezidentiniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Anadolu» agentliginiň arasynda gol çekilen Ylalaşygy laýyklykda açylandygyny habar berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: