TÜRKMENISTAN HABARLARY

Üns merkezinde — uzak aralyklara gatnaşýan sürüjiler

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hem-de welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň hünärmenleri uzak aralyklara gatnaýan ulaglaryň sürüjileriniň we talyplaryň arasynda howply ýokanç keselleriň öňüni almaga gönükdirilen düşündiriş işlerini geçirilýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.
Olar möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň, dümewiň öňüni almak barada maslahatlaryny berýärler. Olar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegiň hem-de durmuşa ornaşdyrmagyň, agyz-burun örtüklerini dakynmagyň ähmiýetini aýratyn nygtaýarlar. Şeýle-de, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy barada täsirli gürrüň berýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply