DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

2021-nji ýylda GDA ýurtlarynyň I Oýunlarynyň geçiriljek möhleti belli boldy

2021-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynda Tatarystanyň paýtagty Kazanda GDA ýurtlarynyň I Oýunlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Russiýanyň sport ministriniň orunbasary Azat Kadyrowyň «Татмедиа» beren interwýusyna salgylanmak bilen, «sng.today» ýazýar.
Bu möhlet öňinça bellenilenidir, oýunlaryň has takyk senesi mart aýynda belli bolar.
2020-nji ýylda turnirleriň köpüsi, şol sanda Kazanda GDA ýurtlarynyň Oýunlary hem geçirilmedi.
Şonuň ýaly-da, ol Russiýada 2030-njy ýyla çenli geçiriljek halkara çäreleri baradaky maglumatlar bilen paýlaşdy.
Ministriň orunbasarynyň aýtmagyna görä, dünýäniň möhüm sport çäreleri ünsli yzarlanylýar we zerur üýtgetmeler girizilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply