TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan koronawirusa garşy göreşmek boýunça lukmançylyk bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýär

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 17-nji sentýabrda Duşenbede geçirilen mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.

Koronawirusa garşy göreşmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda Türkmenistanyň biziň döwletlerimiziň lukmançylyk bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek. Munuň üçin Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» aýtdy ýazýar.

Hususan-da, biziň ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny, BSGG-niň ýiti öýken keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny, BSGG-niň ýiti ýokanç keselleri bejermek we öňüni almak boýunça usulyýet merkezini, Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanylmagynyň olaryň tutuş dünýäniň bähbidine netijeli durmuşa geçirilmegine, şeýlelikde, howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça uzak möhletli geljek üçin täsirli we yzygiderli halkara gurallaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: