TÜRKMENISTAN HABARLARY

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda talyp gözelini saýladylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde «Talyp gözeli» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde talyp gyzlar aýdym aýtmakda, şygyrlary labyzly okamakda, monolog ýerine ýetirmekde, sahnalary ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şonuň ýaly-da, un aş kesmekde, keşde çekmekde, jorap örmekde, jähek salmakda, alaja işmekde, haly dokamaka, gaýma gaýamakda hem bäsleşdiler.
Bäsleşigiň netijesi boýunça institutyň ynsanperwer durmuş bilimleri fakultetiniň taryh hünäriniň 2-nji ýyl talyby Bahar Orazmyradowa birinji , iňlis dili we edebiýaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby Şirinjemal Atajanowa ikinji, türkmen dili we edebiýaty hünäriniň talyby Bagtygül Kurbanowa hem-de biologiýa hünäriniň talyby Arzuw Döwletowa dagylar üçünji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply