JEMGYÝET

STT guramaçylyk-hukuk ýagdaýyny üýtgetdi

Öz işlerini Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäklerinde alyp barýan, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan iri kompaniýalaryň biri bolan «Sabur, Timur Taşewler» hususy kärhanasy guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, mundan beýläk hojalyk jemgyýeti görnüşinde işlär. Bu barada «Türkmen gündogary» welaýat gazetinde habar berildi.
Indi birnäçe ýyldan bäri Köýtendagdan gazylyp alynýan peýdaly magdanlardan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine öndürýän kompaniýa önümçiligiň gerimini barha giňeldýär. Geçen ýyl onuň plita görnüşli duzlary öndürip başlandygyny, bu duzlaryň ilkinjileriň hatarynda Bagabatda täze açylan şypahanada ornaşdyrylandygyny habar beripdik.
Mundan başga-da, STT hojalyk jemgyýeti toz görnüşli hekiň, gips karton listleriniň, gipsdir şpatlýowkanyň önümçiligini hem giň gerimde alyp barýar. Önümleriň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: