SPORT WE SYÝAHAT

UEFA «Tobolyň» garşysyna iş gozgady

Ýewropa futbol assosiýasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) toparyň ýarym goragçysy Ruslan Waliullin tarapynda dopinge garşy düzgüni bozan bolmagynyň ahmallygy üçin Gazagystanyň «Tobol» klubynyň garşysyna tertip-düzgün işini gozgady. Bu barada «ТАСС» habar berýär.

Konferensiýalaryň Ligasynyň kwalifikasiýasynyň üçünji tapgyrynda «Žilinanyň» garşysyna jogap oýundan soň Waliullinden doping-barlagy alyndy. Iki duşuşygyň netijesi boýunça «Tobol» garşydaşyndan yza galdy we turnirde çykyşyny bes etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: