PSŽ hüjümçisi Kilian Mbappe “Real Madridiň” futbolçysy bolmaga ýakyn.
Fransuz futbolçysynyň ispanlar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmagyna garaşylýar.
Şol bir wagtyň özünde, onuň haýsy belgi bilen hereket etjekdigi belli boldy.
Habarlara görä, Mbappe topardan çykmagyna garaşylýan horwatiýaly ýyldyz Luka Modriçe degişli 10-njy belgini alar. Modriç toparda galan ýagdaýynda-da, başga bir belgini saýlamaly bolar.
