SPORT WE SYÝAHAT

«Şerif» «Realy» myhmançylykda utdy

Sişenbe güni  oýnuň iň soňunda gol urup, «Şerif» «Realy» 2:1 hasabynda utdy we çempionlaryň Ligasynda iň güýçli sensasiýa döretdi, diýip «Российская газета» ýazýar.

Býujeti 10 million ýewro hem ýetmeýän bu klub iki oýunda utuk gazanyp, «Real» we «Inter» bilen bilelikde öňde ynamly barýar. Oýundan soň «Şerifiň» kapitany kolumbiýaly Frank Kastenýeda, toparyň ýeňşiniň tötänlik däldigini aýtdy.

Mundan sähel ozal Russiýanyň birinji ligasynda «Tambowyň» düzüminde oýnan Sebastýen Till oýnuň soňunda aýgytlaýjy urgyny urup, duşuşygyň gahrymanyna öwrüldi.

Duşuşykdan soň «Realyň tälimçisi Karlo Ançelotti bu oýnuň sapak bolmalydygyny aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: