JEMGYÝET

Dostluk galla önümleri kärhanasynda geçen sekiz aýy ýokary görkezijiler bilen jemlediler

Döwletli etrabyndaky Dostluk galla önümleri kärhanasynda geçen sekiz aýy ýokary görkezijiler bilen jemlediler, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Bu ýerde geçen döwürde bugdaýyň 21,6 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, ondan unuň 16,2 müň tonnadan gowragy, kepegiň hem 5 müň tonnadan gowragy öndürildi. Geçen aýlarda çörek we çörek önümlerini öndürmek baradaky meýilnama hem üstünlikli berjaý edildi. Şonda bu geçginli azyk önümleriniň 847 tonnasy öndürilip, ilata bökdençsiz ýetirildi. Kärhananyň agzybir işgärleri häzirki günlerde ilatyň ösen isleglerini has doly kanagatlandyrmak, ýyly şowly jemlemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: